Pakistanda uzaga çeken musson ýagyşlarydyr suw süýşgünleriniň netijesinde dörän betbagtçylykly ýagdaýlar sebäpli 104 adam pida boldy, 200 adam ýaralandy. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Ýagny ýurduň adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş boýunça milli edarasy (NDMA) 26-njy iýun —12-nji iýul aralygynda Pakistanyň dürli sebitlerinde çabgalardyr garaşylmadyk suw süýşgünleri sebäpli azyndan 104 adamyň heläk bolandygyny hem-de 200-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Diňe soňky bir günüň dowamynda betbagtçylykly hadysalar netijesinde NDMA-nyň maglumatlaryna laýyklykda, 6 adam heläk boldy, 15 adam ýaralanandy.
Pidalaryň köpüsi esasan hem, gündogardaky Penjap sebitinde hasaba alyndy –39 adam, ondan soňra Haýber-Pahtunhwa (31 adam), gündogar Sind ülkesi (17 adam) we günbatardaky Bulujystan ülkesi gelýär (16 adam).
Häkimiýetler golaý günlerde täze ýagyşlar barada ilata duýdurýarlar. Halas ediş hem-de tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak işleri has köp ejir çeken sebitlerde alnyp barylýar.