Russiýanyň halk artisti, kinorežissýor Aleksandr Mitta 93 ýaşynda aradan çykdy, bu barada onuň kömekçisi Gennadiý Iwanow habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Aleksandr Mitta 1933-nji ýylyň 28-nji martynda Moskwada dünýä indi. Inžener-gurluşykçy hünäri ugrundan ýokary bilim aldy, ýumoristik we edebi-çeper žurnallarda grafik-karikaturaçy bolup işledi. 1960-njy ýylda Moskwadaky Bütinsoýuz kinematografiýa institutynyň režissýorlyk bölümini tamamlady.
Mittanyň režissýorlyk eden filmleriniň arasynda «Meniň dostum Kolýajyk!», «Ýan,ýan, meniň ýyldyzym», «Patyşa Pýotruň nädip araby öýlendirendigi barada hekaýat» we «Ekipaž» ýaly onlarça kino eserleri bar.