Wengriýanyň Pannonhalm monastyrynyň orta asyr kitapnahasy on müňlerçe kitaby zyýan berijilerden halas etmek üçin synanyşýar, ol kitaplaryň köpüsiniň ýaşy birnäçe müňýyllyga uzaýar diýip, «Interfax.ru» habar berdi.
Habarda kitaphananyň işgärleriniň 100 müň kitaby tekjelerden aýryp, gutulara gaplandygy aýdylýar. Indi kitaplarda sahypalary zaýalaýan tomzaklary ýok etmek üçin dezinseksiýa işleri geçiriler. Ilki kitaplary alty hepdeläp ýel çalmaýan plastik gaplara ýerleşdirerler. Bu döwürde tomzaklar ýok bolar diýip, hünärmenler umyt edýärler. Soňra her kitaby barlap, tozan sorujylar bilen arassalarlar. Zeper ýeten kitaplar dikeldiler.
Adatça, bu tomzaklar we olaryň liçinkalary dänäni hem-de una zyýan berýärler, şeýle hem muzeýlerde, kitaphanalarda duşýarlar, olary kitaplarda duş gelýän želatin bilen krahmal özüne çekýär.
Hünärmenler tomzaklaryň köpelmeginiň sebäbini howanyň üýtgemeginden görýärler, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, olar çalt köpelýärler.
Wengriýadaky ybadathana kitaphanasy ÝUNESKO-nyň miras sanawyna girizilendir.
Kitaphanada 400 müň kitap saklanýar, olaryň arasynda XIII asyra degişli «Injil» hem bar. Gadymy ýazgylar aýratyn saklanýar, emma işgärler mör-möjekleriň medeni we taryhy mirasa eýýäm zyýan ýetirendiklerini aýdýarlar.