Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Flamingo guşlary Italiýadaky şaly meýdanlaryny ýok edýärler

17:0414.07.2025
0
22188
Flamingo guşlary Italiýadaky şaly meýdanlaryny ýok edýärler
Surat: MIR 24

Italiýada tüwi hasyly flamingolaryň hüjümi sebäpli ýok bolup biler. Sebäbi guşlar Ferrara ülkesindäki suw basan şaly meýdanlarynda mekan tutdular. Bu ýerde däp bolup gelýän italýan tagamy rizotto taýýarlamak üçin peýdalanylýan ýokary hilli şaly hasyly ýetişdirilýär diýip, «MIR 24» habar berdi.

Esasy mesele flamingolaryň toprakdan mör-möjekleridir gurçuklary almak üçin topragy aýaklary bilen gazýandygy, bu bolsa ekinleri hatardan çykarýar. Ýerli daýhanlar käbir ýerlerde hasyllylygyň 90 göterim peselendigini aýdýarlar. Olar öz ekin meýdanlaryny goramak üçin elde baryny edýärler, şaly meýdanlarynyň gyrasy bilen ýük ulaglarynda asmana tüpeň atyp ýa-da güýçli duýduryş berip geçýärler, emma bu çäreler netije bermeýär diýip, «The Guardian» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň