Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bitkoiniň bahasy 120 müň dollardan hem ýokarlandy

13:2314.07.2025
0
25544

Bitkoiniň bahasy taryhda ilkinji gezek 120 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptowalýuta biržasyndaky söwdalaryň maglumatlary şaýatlyk edýär.

«Binance Market Data»-da getirilýän maglumatlara görä, öňdebaryjy kriptowalýuta psihologiki möhüm çäginden hem geçip, 121 214,56 dollara barabar nyrha baryp ýetdi.

Täze rekord ozalky ýetilen ýokary netijeden birnäçe günden soň hasaba alyndy. Anna güni bitkoiniň bahasy ozalky 116 müň dollar derejesinden ýokarlanyp, iň ýokary görkezijä ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň