Irlandiýanyň kenarynda Kanadadan iberilen hatly çüýşe tapyldy, ol Atlantika ummanynda 13 ýyllap ýüzüpdir. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Rbc.ru» habar berýär.
2012-nji ýylyň sentýabrynda kanadaly Anita we Bred Skwaýrslar Bell-Aýlend adasynda dynç alýan ekenler. Olar öz duşuşygyny hat ýazyp, ony-da çüýşä salyp ummana oklamak bilen jemlemek isläpdirler. Hatda şeýle ýazylan ekeni: «Anita bilen Brendiň Bell-Aýlende bir günlük sapary. Biz şu gün adanyň ýakasynda agşamlyk naharyndan, şu çakyr çüýşesinden lezzet aldyk. Haýyş edýäris, eger şu çüýşäni tapsaňyz, bize jaň ediň».
Olar hatda öz telefon belgisini belläpdirler. Aradan 13 ýyl we 3,2 müň kilometr menzil geçensoň, hatly çüýşäni Irlandiýanyň Kerri graflygyndaky Skreggeýn aýlagyndan tapýarlar. Ony Keýt we Jon Geýler «Maharees Heritage and Conservation» ekologik guramasy tarapyndan guralan kenary arassalamak işleri wagtynda tapýarlar. Haty okap, olaryň Anita bilen Brediň henizem bilediklerini ýa-da däldigini bilesleri gelipdir.
Ilkibaşda olara hatda görkezilen telefon belgisine jaň etmek başartmandyr, onsoň sosial tora bu barada bildiriş ýazypdyrlar. Habar torda tiz ýaýrap, dost-ýarlary Anita bilen Brede ýeriň ol ujundan gelen habar barada buşlapdyrlar.
Bu gün Anita şepagat uýasy bolup işleýär, Bred bolsa golaýda pensiýa çykypdyr. Olar 2016-njy ýylda maşgala gurupdyrlar. Üç çagany terbiýeläp ýetişdiripdirler. Häzir olar Nýufaundlendde ýaşaýar.