Nikany onýyllyklaryň dowamynda näme berk edýär? Miçigan uniwersitetiniň alymlary munuň esasy syrynyň birek-birege hemişelik goldawdygyny anykladylar. Ylmy iş «Journal of Elder Policy» (JEP) çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Ylmy barlaga gatnaşanlar öz nikalarynyň birek-birege mähre we ynama esaslanýandygyny gürrüň berdiler, ýagny är-aýal biri-birini hemişe goldamak bilen, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklary bilelikde çözýärler. Mysal üçin, hassalyklarda we maliýe kynçylyklarynda özara goldaw nikanyň uzak dowam etmeginde has aýgytly orna eýedir.
Gyzykly ýeri, erkekler özleriniň aýallaryndan kän goldaw alýandyklaryny gürrüň berdiler. Netijede, erkekler nikada aýallaryndan has köp utuş gazanýarlar.
Alymlar şeýle hem maşgalada är-aýalyň bilim derejesi we girdejisi ýokary bolsa, birek-biregi has köp goldaýandyklaryny aýdýarlar. Nika näçe uzak dowam etdigiçe, jübütleriň durmuşynda kyn ýagdaýlar şonça az bolýar. Onsoňam, şunda nikanyň ilkinjidigi ýa-da ikinjidigi är-aýalynyň gatnaşyklaryna täsir etmeýär, bu bolsa ikinji nikalaryň gowşak bolýandygy barada öňki pikiri ýalana çykarýar.