Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dürli islege görä tortlar: «Zyýat Hil» giň assortimenti barada ýatladýar

11:1212.07.2025
0
36350

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlar tory müşderilerine islendik baýramçylyk saçagyna bezeg berjek tortlaryň giň assortimentini hödürlemegini dowam etdirýär.

Assortimentde nusgawy tortlar bilen birlikde, häzirki zaman desertleri hem bar. Aýratyn-da, näzik gatlakly «Napoleon» tortlaryna, şeýle hem hoşboý ysly we gaýmak kremli adaty «Medowik» tortlaryna örän uly isleg bildirilýär. Şokolady halaýanlar bolsa süýjülige uly ähmiýet berýänleri hiç hili biperwaý galdyrmajak karamelli we maňyzly «Snikers» tortuny saýlap bilerler.

Bu meşhur görnüşlerden başga-da, «Zyýat Hil» dükanlarynda «Praga», «Guş süýdi», «Tiramisu» ýaly tortlar, şeýle hem dürli huruşly miweli tortlar alyjylara hödürlenýär. Her bir tort ýokary hilli goşundylary ulanmak arkaly datly reseptlere laýyklykda taýýarlanylýar.

Konditer hünärmenler diňe bir tortuň tagamyna däl-de, eýsem, onuň daşky görnüşine-de aýratyn üns berýärler. Ähli önümler olaryň dabaraly çärelere ajaýyp bezeg bermegi nazarda tutulyp, örän ünslülik bilen bezelýär.

Assortimentde tortlardan başga hem täze görnüşli pirog önümleri, eklerler, kökeler we keksler bar. Müşderiler şeýle hem aýratyn çäreler üçin ýörite taýýarlanan tortlary hem sargyt edip bilerler.

Ähli tortlar ter we täze goşundylardan taýýarlanylyp, taýýar görnüşde hem-de müşderiniň islegine laýyklykda özboluşly ululykda we dizaýnda sargyt edilip bilner.

Ýatladyp geçsek, «Zyýat Hil» dükanlary her hepdede alyjylar üçin dürli görnüşli aksiýalary hödürleýär. Bu aksiýalar tortlarydyr süýjülikleri örän elýeterli bahalardan satyn almak üçin amatly mümkinçilikdir.

Habarlaşmak üçin:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

150 manatlyk we şondan köp möçberde sargyt eden müşderilere «Zyýat Hil» dükanlary Aşgabatdan Gökdepe etrabyna çenli aralykda tölegsiz eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň