Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy we hemmeleri oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady. TDH-niň habar berşi ýaly, bu dabara Hökümet agzalary, welaýatlaryň häkimleri we ýurduň her welaýatyndan çagalar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda döwlet Baştutanyna ýurduň ekerançylarynyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi.
Oba hojalyk toplumynda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň hormatyna geçirilen dabarada her welaýatyň ýaş wekilleri hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy edermen daýhanlaryň gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli ýurduň ýeten derejesini, beýik zähmet ýeňişlerini we edermen daýhanlaryň yhlasly tagallalaryny wasp edýän joşgunly goşgularyny aýtdylar.
Dabara gatnaşan çagalara hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna ýurduň ak ekin ussatlarynyň adyndan şatlykly wakanyň hormatyna ajaýyp halyny sowgat gowşurdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Dabaranyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen berjaý etmekleriniň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutany edermen gallaçylary we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.