Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ýolbaşçy bellenildi

23:2411.07.2025
0
42053

Nazar Halnazarowiç Agahanow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Aýdogdyýewiç Kurbanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň