Indoneziýa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bileleşigiň amerika garşy syýasatyny goldaýan islendik ýurt üçin 10 göterim möçberde gümrük paçlaryny girizlmek barada haýbatyna garamazdan, BRIKS guramasynda galar. Bu barada Respublikanyň döwlet sekretariatynyň ministri Prasetio Hadi habar berdi diýip, «Jakarta Globe» gazetine salgylanýan TASS ýazýar.
Mundan başga-da, amerikan lideri döwletleriň birgidenine, şol sanda Indoneziýa 1-nji awgustdan başlap, goşmaça gümrük paçlaryny girizmekçidigini yglan etdi, şunlukda Indoneziýa harytlaryna umumy paçlar 32 göterime deň bolar.
Indoneziýa 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda BRIKS guramasynyň doly hukukly agzasy boldy.