Russiýaly motosyýahatçy Mariýa Worobýowa Aziýa ýurtlary boýunça eden 24 günlük gaýduwsyz syýahatyndan galan täsirli duýgulary bilen paýlaşdy. Ol ýan ýoldaşy bilen bilelikde Sankt-Peterburgdan başlap, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň çäkleriniň üstünden motosiklde geçdi.
Mariýa syýahatynyň dowamynda aýratyn haýran galdyran ýurt hökmünde Türkmenistany «täsin ýurt» diýip atlandyrdy. Syýahatçy Garagum çölüniň ýaýylyp ýatan giňişlikleriniň, gözel kanýonlarynyň (derýanyň akan ýerinde emele gelen hanalarynyň), şeýle-de dünýäniň iň täsirli tebigy täsinlikleriniň biri hasaplanýan «Garagumyň ýalkymy» gaz krateriniň ony ýesir edendigini gürrüň berýär.
«Türkmenistan — täsin ýurt! Garagum sährasy, kanýonlar we elbetde «Garagumyň ýalkymy» gaz krateri!» – diýip, Mariýa motosyýahatçylaryň jemgyýetçilik sahypasynda öz täsirleri bilen paýlaşdy.
Russiýaly motosyýahatçy «Gitdik! Dünýä garaşýar!» atly motosyýahatçylyk taslamasynyň gatnaşyjysy bolup, bu taslama motosyýahatçylyk medeniýetini wagyz edýär hem-de ýer ýüzüniň täsin ýerleri bilen tanyşdyrýar.