Fransuz teleýaýlymynda 22 ýaşly talyp Emilýen hakyky tomaşa görkezdi, ol «On iki sany günorta urgulary» («Les douze coups de midi») gepleşiginde iki ýylda yzygiderli 646 sanynda utup geldi, onuň utuşynyň umumy möçberi 2,5 mln ýewro ýetdi diýip, «Blick» žurnaly habar berdi.
Emilýen şeýle-de telebäsleşikde 23 awtoulag, on bir motosikl, kir ýuwujy maşynlary, tozan sorujylary, ykjam telefonlary we 35 kilogram kemput utdy.
«Bfm tv» teleýaýlymyň maglumatlaryna laýyklykda, Emilýen meşhur oýun şowhunynda ýeňiş gazanmak üçin okuwynyň arasyny kesdi. Iki ýyldan soňra ol millioner boldy.
Çagaka Emilýen çuň bilimleri özleşdirdi, bu bolsa, oňa ýaryşda ýeňmäge mümkinçilik berdi. Ol diňe ösümlikler barada ylymda kynçylyk çekýärdi. Muňa garamazdan, garry enesi oňa teleşowhuna gatnaşmagy maslahat berdi.
Ýaş fransiýaly özüniň giň dünýägaraýyşlydygyny subut etdi diýip, «rg.ru» ýazýar.