Hytaýda diri ýylanbalyk erkek kişiniň aşgazanyny deşip, garyn boşlugynda ýüzüp başlapdyr. Bu barada «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Barlaglar erkek kişiniň garyn boşlugynda del zady görkezdi, ol aşgazany deşip, garna düşen bolmaly» diýlip, çap edilen makalada aýdylýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, hassanyň garny örän gaty ekeni. Lukmanlar onuň peritonit (garnyň içki bardasynyň çişmesi) keseline ýolugandygyndan gorkup, dessine operasiýa etmäge girişipdirler. Näsagyň garny barlananda, ol ýerde içki beden agzalarynyň arasynda ýüzüp ýören diri ýylanbalygy gören lukmanlar gaty gorkupdyrlar.
Bejergiden soňra hassa çalt dikelipdir we hassahanadan çykypdyr. Onuň garnyna ýylanbalygyň nädip düşendigi lukmanlar üçin henizem syr bolmagynda galýar diýlip, habarda bellenýär.