Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ploýeştide geçirilen Aziýa medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy

11:4910.07.2025
0
15773

9-njy iýulda Ploýeşti şäherinde Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda dokuz sany Aziýa döwletiniň, şol sanda Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Aziýa medeniýetiniň festiwaly geçirildi.

Çäre Ploýeşti şäheriniň Medeniýet merkezinde geçirildi. Oňa ýerli häkimiýetleriň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Prahowanyň ýaşaýjylary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Aurelian Gogulesku medeni dialogyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Festiwalyň maksatnamasyndan medeni mirasyň baýlygyny we etnik köpdürlüligini görkezýän Aziýa ýurtlarynyň milli eşikleriniň görkezilişi orun aldy.

Festiwalyň dowamynda ilçiler bilen Prahowanyň administrasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Medeni sergide türkmen tarapy däp bolan milli lybaslary, senetçilik sungatynyň nusgalaryny, halylary, saz gurallaryny, Magtymguly Pyragynyň eserlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny tanyşdyrdy.

Çäräniň jemleýji tapgyry gatnaşyjy ýurtlaryň aşpezlik däpleri bilen tanyşlyk boldy.

Festiwala Bangladeşiň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Filippinleriň Rumyniýadaky ilçihanalary hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň