Tibetiň baş ruhanysy Dalaý-lamanyň 90 ýaşy doldy, buddaçylaryň müňlerçesi öz ruhy öňbaşçylarynyň doglan gününi baýram etmek üçin Dharamsala ýygnandylar diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan «aifstan.ru» neşiri habar berdi.
Baýramçylyk geçen hepdäniň duşenbe güni başlandy, ýekşenbede bolsa onuň jemleýji baýramçylyk çäresi boldy. Myhmanlaryň arasynda ýokary wezipeli hindi ýolbaşçylary, ruhanynyň yzyna eýerijiler, şol sanda buddizme uýýan meşhur kinoaktýor Riçard Gir hem boldy.
Ýygnananlara ýüzlenmesinde Dalaý-lama özüni ýönekeý buddaçy dindar diýip atlandyrdy, ol şeýle-de özüni diýseň oňat duýýandygyny, hatda 130 ýyl ýaşajakdygyna ynanýandygyny aýtdy.