Gazagystanyň Söwda we goşulyşmak ministrligi ABŞ-nyň 1-nji awgustdan başlap 25 göterim möçberde Respublikadan getirilýän ähli harytlara gümrük paçlaryny girizmek barada çözgüdi boýunça resmi beýanat taýýarlanylýar. Bu barada ady agzalan ministrlige salgylanýan TASS habar berdi.
Edarada beýanatda jogap çäreleri barada gürrüň gitmeýändigini habar berdiler.
Ýeri gelende aýtsak, 7-nji iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Tramp özüniň sosial torundaky sahypasynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň adyna hat çap edipdi. Onda Gazagystandan importa 25 göterim gümrük paçlarynyň giriziljekdigi habar berildi. Hatda eger Astana Waşingtona garşy gümrük paçlaryny girizse, ABŞ-nyň paçlary artdyrjakdygy aýdylýardy.
Gazagystan bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylda 4,2 milliard dollara deň boldy. Ýurduň daşary syýasat edarasy 2015-2024-nji ýyllardaky döwür boýunça ABŞ-nyň Gazagystana iň köp maýa goýan döwlet bolandygyny habar berdi, amerikan maýa goýumlarynyň möçberi bu döwürde 31,1 milliard dollara ýetdi.