Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly iş maslahaty geçirildi. Maslahat «Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasy tarapyndan guralyp, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärler bölümleriniň amala aşyrýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň iş tejribesini artdyrmak hem-de degişliligi boýunça wezipeleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen geçirildi.
«Türkmengaz» DK-nyň Işgärler bölüminiň guramaçylygynda geçirilen iş maslahatyna konserniň merkezi edarasynyň we garamagyndaky ähli edara-kärhanalarynyň işgärler bölümleriniň başlyklarydyr jogapkär işgärleri işjeň gatnaşdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyklara, has takygy, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işgärler bölüminde resminamalary talabalaýyk alyp barmagyň, şeýle hem işe gelýän ýaş hünärmenleri (işgärleri) alan bilimlerine laýyklykda ugrukdyrmagyň, ýagny halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň we ony ösdürmegiň usullary giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmengaz» DK-nyň we onuň edara-kärhanalarynyň işini talabalaýyk alyp barmakda, ýaş hünärmenleriň ukybyny ösdürmekde, işgärleri taýýarlamakda, olary zähmet köpçüligine uýgunlaşdyrmakda işgärler bölümleri aýratyn möhüm orna eýe bolup durýar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar işgärler bölüminiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly taýýarlanan usulyýet gollanmasy bilen tanyşdyryldy. Onda «Halypaçylygy girizmegiň tapgyrlary», «Ýaş işgär we ýaş hünärmen barada düşünje», «Ýaş hünärmenler bilen işleşmek», «Halypaçylygyň görnüşleri, maksatlary», «Halypalaryň wezipeleri», «Meýilnamalaryň düzülişi», «Geçirilmeli çäreler», «Halypaçylygyň ýaş işgäre, ýaş hünärmene ýetirýän oňyn täsiri», «Halypalary höweslendirmek» ýaly mowzuklaryň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Bu barada «Nebit-Gaz» habar berdi.