Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Täze Aý» türkmen kompaniýasy Stambulda geçirilen sergide konditer önümleri bilen tanyşdyrdy

16:4708.07.2025
0
30131

Türkmenistanyň azyk önümleri bazaryndaky iri öndürijileriň biri bolan «Täze Aý» kompaniýasy Stambulda geçirilýän Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisinde konditer önümleriniň giň görnüşi bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň diwarlygynda dürli görnüşli konditer önümleri görkezildi: olaryň hatarynda ýokary hilli «Elbrus Chocolate» şokoladlary, şeýle hem kökeleri, waflileri, süýjüleri we «Kometa», «Kosmos», «Kokosly» brendleriniň beýleki önümleri aýratyn orun eýeledi. Bu önümler «Unudylmajak tagamlar» şygary bilen görkezişe çykarylyp, olar halkara ISO hil şahadatnamalaryna eýedirler.

«Biziň önümlerimiz arap ýurtlaryndan – Siriýadan, Palestinadan, Yrakdan, Ýemenden hem-de birnäçe Ýewropa döwletlerinden gelen hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi – diýip, kompaniýanyň wekili gürrüň berýär. Bu bazarlara önümlerimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin uly geljegi görýäris» - diýip, ol belledi. Şeýle-de ol «Täze Aý» kompaniýasynyň türk hyzmatdaşlarynyň hem bu sergä gatnaşýandyklaryny we täze müşderiler bilen gatnaşyklary ýola goýmakda ýardam edýändiklerini aýtdy.

«Täze Aý» kompaniýasy Türkmenistanyň azyk bazarynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. 2004-nji ýylda birnäçe iri kärhanalaryň birleşmeginiň netijesinde döredilen bu kompaniýa häzirki wagtda ýurdumyzda azyk önümçiliginiň öňdebaryjysyna öwrüldi. Ol häzirki wagtda şöhlat, konditer we süýt önümleri, et önümleriniň taýýar görnüşleri ýaly ýüzlerçe görnüşdäki harytlary öndürýär. Mundan başga-da, ýakynda kompaniýa Mary welaýatynda mallar we balyklar üçin kombinirlenen iýmleriň önümçiligini hem ýola goýdy.

Stambuldaky bu sergide türkmen öndürijileriniň ýokary hilli önümleriniň giň görnüşleri görkezilýär. Çäräniň maksady — türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bolup durýar. Stambulda geçirilýän Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi 5-nji iýulda tamamlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň