Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýadaky öküzler bilen ylgaw ýaryşynda alty adam şikes aldy

12:2308.07.2025
0
16646
Ispaniýadaky öküzler bilen ylgaw ýaryşynda alty adam şikes aldy
Surat: Zakon.kz

Ispaniýanyň Nawarra awtonom oblastynyň Pamplone şäherinde geçen öküz ýaryşlary festiwalynda azyndan alty adam şikes aldy diýip, Gyzyl Haç guramasynyň sebit bölümi habar berdi.

Ensýerro diýen at bilen belli bolan, däbe öwrülen ýaryş üç minut dowam etdi, bu wagtyň dowamynda ýüzlerçe adam şäheriň dar köçesinden yzlaryndan kowalap gelýän öküzlerden gaçdylar. Bu şüweleňe ýerli ýaşaýjylar bilen köpsanly jahankeşdeler gatnaşdylar. Käbirleri has batyrgaýlyk bilen öküzlere golaý aralykdan gaçdylar.

Festiwal Nawarranyň hemaýatkäri keramatly Fermina bagyşlanandyr. Bu ýerde öküzler bilen kowalaşmak oýny hepdäniň dowamynda her gün geçirilýär. Her ýyl festiwal döwründe adamlar şikes alýarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň