Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«CNN»: Tehasdaky suw joşgunlarynda heläk bolanlaryň sany 50 adama ýetdi

08:3607.07.2025
0
15324

ABŞ-nyň Tehas ştatynda Guadalupa derýasynyň joşmagy netijesinde heläk bolanlary hasaplaýarlar. Düýn olaryň sany 24 bolan bolsa, bu gün 50 adama ýetdi diýip, «CNN» habar berdi. «Associated Press» bolsa, 15 çagany hem goşmak bilen, 43 adamyň gurban bolandygyny ýazdy. Çagalaryň tomusky dynç alyş merkezlerinde dereksiz ýitenleriň sany 20-ä ýetdi diýip, «rg.ru» habar berýär.

Çabga ýagyşlary netijesinde Guadalupa derýasynyň suwy 45 minutda sekiz metr ýokarlandy.

Ýerli häkimiýetler gözleg-halas ediş işleri netijesinde 850 adamyň halas edilendigini habar berdi. Gözleg-halas ediş işlerine 1700-den gowrak adam gatnaşdy.

Howp heniz hem saklanýar, sebäbi, merkezi Tehasyň käbir etraplarynda güýçli ýagyşlar netijesinde garaşylmadyk sil joşgunlarynyň bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň