Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Brýus Liniň muzeýi pul ýetmezligi üçin ýapyldy

13:0505.07.2025
0
22643
Brýus Liniň muzeýi pul ýetmezligi üçin ýapyldy
Surat: Gazeta.ru

Gonkongda amerikan aktýory we başa-baş söweş sungatlarynyň ussady Brýus Liniň muşdaklarynyň muzeýi ýapyldy. Bu barada Brýus Liniň janköýerleriniň resmi kluby özüniň sosial tordaky sahypasynda habar berdi.

Muzeýiň gaznasynda 2 müň sany gymmatlyk bolup, olar heýkeller, žurnallar we seýrek suratlardyr. «Çykdajylar bizi öz serişdelerimizi Brýus Liniň ruhunyň alawyny goldamak üçin ýerlikli peýdalanmak barada pikir etmäge mejbur edýär» diýlip, muzeýiň wekilleri aýdýarlar.

Muzeýiň girdejileri koronawirus döwründe pese gaçyp başlady, ol ýene açylarmy, belli däl.

Resmi fan-kluby Brýus Liniň maşgalasy esaslandyrdy.

«Gazap ýumrugy» we «Aždarhanyň ýoly» filmlerinde surata düşen aktýor Brýus Li 32 ýaşynda, 1973-nji ýylyň iýulynda aradan çykdy. Onuň bilen bagly gymmatlyklaryň göçme muzeýi ilkinji gezek 2000-nji ýylda açyldy, 2019-njy ýylda köpýyllyk arakesmeden soňra täzeden açyldy.

Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň