Türkmen aýakgap öndürijisi «Röwşen aýakgaplary» 2025-nji ýylyň 2 – 5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän «F Istanbul Food and Beverage Products + Production Technologies Export Fair» forumynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň eksport harytlarynyň halkara sergisine gatnaşýar.
Kompaniýanyň diwarlygynda dürli önümler, şol sanda erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen aýakgaplar görkezilýär. Serginiň myhmanlary brendiň ýokary hili, rahatlygy we döwrebap dizaýny özünde jemleýän önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanşyp bilerler.
«Röwşen aýakgaplary» ýokary hil standartlaryna eýerip, önümçilik prosesine döwrebap tehnologiýalary we materiallary işjeň ornaşdyrýar. Kompaniýa birnäçe ýöriteleşdirilen önüm görnüşlerini hödürleýär:
- Röwşen kids — çagalar üçin aýakgaplar
- Rosamary — zenanlar üçin nepis we rahat aýakgaplar
- Röwşen Exclusive — premium önümler
Kompaniýa aýakgaplaryň dürli görnüşdäki we ululykdaky nusgalaryny hödürlemek bilen, hatda iň talapkär müşderileriň hem isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýar.