Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanly aýalyny arylardan halas edýärkä heläk boldy

11:5305.07.2025
0
21766
Hindistanly aýalyny arylardan halas edýärkä heläk boldy
Surat: Grozny-inform.ru

Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatynda 55 ýaşly erkek kişi aýalyny arylaryň hüjüminden halas etjek bolup, özi heläk boldy diýip, «Times of India» gazeti habar berdi.

Waka Şahdol etrabynyň Khandari obasynyň ýanyndaky tokaýda boldy. Samaý Lal aýaly Siýawati bilen mal ýakýardy. Birdenkä arylar onuň aýalyna hüjüm etdiler. Samaý oňa kömek etjek boldy. Ol aýalyny goramak üçin ony ýaglyk bilen örtdi. Emma bu arylary has-da öjükdirdi. Indi arylar Samaýa hüjüm etdiler. Sansyz ary çakandan soňra Samaý Lala diri galmak başartmady. Onuň aýalyny agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň