Türkiýede, Gresiýada we Kaliforniýada yssy howa hem-de adamlaryň geleňsizligi netijesinde, tokaýlar gektarlap ýanýar. Ýurtlaryň ählisinde howply zolaklardan ýaşaýjylary görülýärler. Çaklamalar howsala döredýär diýip, «MIR 24» habar berdi.
Türkiýäniň günortasynda tokaý ýangynlary 10 müň gektary eýeledi. Iki adamyň gurban bolandygy habar berilýär. Häkimiýetler onlarça obany göçürdiler. Gurak we yssy howa ýangynlaryň sebäbi hökmünde görkezilýär. Ol ýerde howanyň temperaturasy kölegede 44 gradusa deň boldy. Şemal oduň çalt tutaşmagyna getirýär.
Gresiýada-da tokaý ýangynlary Afiny şäheriniň eteginde hem-de meşhur şypahanalarda möwç alýar. Rodos adasyndan üç müňden gowrak adam göçürildi, olaryň arasynda jahankeşdeler hem bar.
ABŞ-da tokaý ýangynlary möwsümi hemişekisinden ir başlandy. Kaliforniýada olaryň birnäçe ojagy hasaba alyndy, ýagdaý has-da ştatyň demirgazyk böleginde ýaramaz. Ýollaryň köpüsi, şol sanda federal gara ýol ýapyldy. Ýangyny ikinji gündür, söndürmek başardanok. 200-den köp adam göçürildi.