Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

23:0104.07.2025
0
19112
Prezident sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda 28-nji iýunda geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynyň netijeleri barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwleti mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de ýurduň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda «Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň