«Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalyna abuna.yashlar.gov.tm sub domen arkaly abuna ýazylmaga şert döredildi. Abuna bolan ýaşlara «Arkadagly Ýaşlar» we «Zehinli» programma üpjünçiliklerini peýdalanmaga mümkinçilik açylýar.
Programma okuw maksatnamasyna laýyk gelýän 20 müňden gowrak zehin soraglaryny özünde jemlemek bilen, ýaş nesli döredijilige, ylym-bilime höweslendirmekde olaryň öz ukyp-başarnyklaryny synap görmekleri uly ähmiýete eýedir. Bu programmalar “Play Market” ýa-da “App Store” internet ulgamlarynda elýeterlidir.
Mundan başga-da, sub domende hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky maglumatlardyr dünýä täzelikleri bilen tanyşdyrýan habarlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
«Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň her aýdaky sany bilen bir hatarda, edebi-çeper eserlerden başlap, ylmy-jemgyýetçilik neşirlerine, taryhy eserlere we häzirki zaman prozasyna çenli dürli žanrdaky kitaplaryň giň gerimli kitaphanasy hödürlenýär. Elektron kitaphana ýaşlary gyzyklandyrjak, kämilleşmäge höweslendirjek neşirleri özünde jemlemek bilen, olaryň täze ugurlar boýunça sowatlaryny artdyrmaga, taryhymyza, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmaga, taryhy şahsyýetlerimizi içgin tanamaga, galyberse- de, ulanyjylara öz isleglerine laýyk eserleri saýlap almaga şert döreder.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 104-nji jaý, telefon belgisi: (+993 12) 44-88-80;
elektron poçta salgysy: ArkadaglyYashlar@gmail.com.