Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Muhammet-Balkan» HJ Stambulda geçirilýän halkara sergide deri aýakgaplaryny we aksessuarlaryny görkezişe çykardy

17:0004.07.2025
0
25030

2025-nji ýylyň 2–5-nji iýuly aralygynda geçirilýän «F Istanbul Food and Beverage Products + Production Technologies Export Fair» halkara sergisiniň çäklerinde «Muhammet-Balkan» HJ öz önümlerini ýöriteleşdirilen diwarlykda görkezişe çykardy.

Kompaniýanyň bu ýerde ýerleşdirilen diwarlygynda «Mb Shoes» brendi bilen tanalýan erkekler üçin aýakgaplaryň toplumy hem-de tebigy deri materiallaryndan taýýarlanan aksessuarlar görkezilýär. Kärhananyň wekilleriniň bellemegine görä, ähli önümler türkmen halkyna mahsus bolan häzirki zaman dizaýn çözgütleri bilen utgaşdyrylan ýokary hil aýratynlyklaryna eýedir.

Bu abraýly pudaklaýyn sergä gatnaşmak türkmen öndürijisine halkara bazarynda milli ýeňil senagatynyň eksport kuwwatyny we mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň esasy wezipesi — içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlar bilen üpjün etmek, soňlugy bilen bolsa önümlerini daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliklerini giňeltmek bolup durýar.

Ýatladyp geçsek, «Mb Shoes» brendi «Muhammet-Balkan» kompaniýalar toparynyň düzümine girýär. Bu topar gurluşyk binalarynyň taslamalaryny ýerine ýetirmek we olary gurmak, restoran işi, deri we haly önümleriniň önümçiligi bilen hem meşgullanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň