Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistan ŞHG-a agza bolmakçy

09:1804.07.2025
0
20249
Ermenistan ŞHG-a agza bolmakçy
Surat: TASS

Ermenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza bolmaga meýil bildirýär diýip, Respublikanyň Daşary işler ministrligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berýär.

«Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esasan hem, çäk bitewüligi, güýç ulanmazlyk we serhetleriň eldegrilmesizligi ýaly esas goýujy ýörelgelerine hormat goýmak bilen, Ermenistan Respublikasy gurama agza bolmak isleýär» diýlip, DIM-niň sosial torda ýaýradylan habarynda nygtalýar.

Häzirki wagtda guramanyň agzalary 10 döwletdir, olar – Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Pakistan, Hindistan, Eýran we Belarussiýadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň