Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanda TOPH we TOP taslamalary boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

21:4103.07.2025
0
29088
Azerbaýjanda TOPH we TOP taslamalary boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň