Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serginledijiler Ýewropadaky yssy howanyň sebäpleriniň biri hasaplanýar

17:4503.07.2025
0
24738
Serginledijiler Ýewropadaky yssy howanyň sebäpleriniň biri hasaplanýar
Surat: RBK Life

Serginlediji (kondisioner) köçede howanyň temperaturasyny ýokarlandyrýar we ählumumy maýlamanyň bir sebäbidir diýip, «Forbes» žurnaly ýazdy.

Eger Pariž ýa-da Lion ýaly uly şäherlerde ähli serginledijileri öçürseň, howanyň temperaturasy 2 ℃ pese gaçardy diýilýän makalada bu hasaplamalaryň çeşmesi we olaryň ylmy esaslandyrylmasy getirilmeýär.

«Forbes» şeýle-de bu howany sazlaýjy enjamlaryň energiýany köp sarp edýändigini nygtaýar. Hamala, enjamy dört sagat işletmek elektrik togy üçin hasaplaşyklary aýda 15 göterim köpeldýär.

Neşir ýagdaýdan çykalga hökmünde asma ýelpewaçlary (wentilýator) ulanmagy maslahat berýär. ABŞ-da olar has ýörgünli, amerikalylar kondisionerleri howa gaty yssy bolanda ulanýarlar. Asma ýelpawaçlar 32 ℃ çenli yssyda täsirli bolup bilýär diýlip, makalada bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň