Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Belli» kompaniýasy tarapyndan gurlan Türkmenistanyň pawilýony EKSPO 2025-de iň gowularyň hatarynda

17:2303.07.2025
0
36672

Osakada geçirilýän «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisinde türkmen binagärlik-gurluşyk kompaniýasy bolan «Belli» HJ tarapyndan gurlan Türkmenistanyň pawilýony halkara jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy we myhmanlaryň arasynda geçirilen pikir soraşmanyň netijelerine görä, iň täsirli üç milli sergi merkeziniň hatarynda orun aldy.

Pawilýonyň binagärlik konsepsiýasynda Türkmenistanyň baý medeni mirasy häzirki zaman tehnologiki çözgütler bilen utgaşýar. Munuň netijesinde, pawilýon özüni dünýä giňişligindäki möhüm medeni sergi desgasy hökmünde tanadýar.

Pawilýonyň üç gatly binasy mowzuklaýyn ýörelge boýunça gurlup, türkmen halkynyň özboluşlylygynyň, üstünlikleriniň we mümkinçilikleriniň dürli taraplaryny açyp görkezýär.

Birinji gat uly sfera görnüşli ekranly we Türkmenistana wirtual syýahat etmäge mümkinçilik berýän multimediýa gurnamasy ýerleşdirilen immersiw giňişlikdir. Bu ýerde myhmanlar täze nesil audiowizual effektler arkaly ýurduň tebigaty, taryhy we medeniýeti bilen tanyşýarlar. Ikinji gat energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, sport we ylym pudaklarynda gazanylan üstünliklere bagyşlanýar. Merkezde bolsa türkmen lukmançylygynyň baý däplerini görkezýän dermanlyk ösümlikleriň sergisi ýerleşdirilipdir. Üçünji gat medeni merkez hökmünde hereket edýär. Bu ýerde hakyky türkmen halylary, adaty keşdeleriň nusgalary, muzeý gymmatlyklary we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Şeýle hem milli restoran hereket edýär, bu ýerde myhmanlar ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanan türkmen aşhanasynyň tagamlaryny dadyp bilýärler. Bu giňişlikde adaty türkmen bassyrmalary bolan açyk eýwan hem ýerleşýär.

«EKSPO 2025» Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Osaka aýlagyndaky emeli Ýumeşima adasynda «Durmuşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek» şygary astynda geçirilýär. Guramaçylar dünýäniň dürli künjeklerinden 28 milliondan gowrak myhmanyň gelmegine garaşýarlar.

Türkmenistanyň milli güni 14-nji aprelde, «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisiniň resmi açylyşyndan bir gün soň geçirildi. Şol gün ýurduň milli pawilýonyna Türkmenistanyň Prezidenti baryp, dabaraly çärelere gatnaşdy we Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Binagärlik-gurluşyk kompaniýasy bolan «Belli» HJ tarapyndan gurlan awilýonyň üstünligi Türkmenistanyň ählumumy medeni we ykdysady çärelerde eýeleýän ornunyň barha artýandygyny, şeýle hem milli dizaýn, gurluşyk we halkara tanyşdyryş işleriniň ýokary derejesini tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň