Belorussiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri — Belarusyň Döwlet Uniwersiteti (BDU) we Belarusyň Milli Tehniki Uniwersiteti (BMTU) gündizki okuwa resminamalaryň kabul edişliginiň soňky tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdiler. Bu bilim edaralarynyň Türkmenistandaky resmi wekili — «Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň habar bermegine görä, okuwçy dalaşgärler ýurduň daşyna çykmazdan uzak aralykdan söhbetdeşlikden geçip bilerler.
Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň berýän maglumatlaryna görä, boş orunlaryň sany juda çäkli bolup, olar tiz wagtda dolýar. Okuwa girmek üçin zerur bolan resminamalary dalaşgärleriň özleri «Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyna gelip tabşyryp bilerler. Arza näçe ir tabşyrylsa, islenýän hünär ugruna kabul edilmek mümkinçiligi şonça-da ýokary bolar.
Üns beriň: söhbetdeşligi üstünlikli geçen dalaşgärler üçin Minsk şäherine gelenlerinden soň goşmaça giriş synaglaryny tabşyrmak zerurlygy bolmaz.
BDU – ynsanperwer, tebigy we jemgyýetçilik ylymlary boýunça okuwlary hödürleýär, ol halkara derejesinde tanalýar, okatmakda döwrebap bilim tehnologiýalaryndan peýdalanýar we işjeň talyp durmuşy bilen üpjün edýär.
BMTU – GDA-nyň ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjy tehniki uniwersitetleriň biridir. Ol amaly taýýarlyga we ykdysadyýetiň hakyky ulgamy bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Uniwersitet inženerçilik we tehnologik ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.
«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy dalaşgärler üçin hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär: maslahat beriş hyzmatlary, okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda ýardam bermek, okuw döwründe goldaw berip durmak. Giňişleýin maglumatlary almak we ýazga durmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 71 43 30 88, +993 62 02 30 84 ýa-da şu elektron poçta bilen habarlaşyp bilersiňiz: bitevihyzmat@gmail.com.
«Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň edarasy Aşgabatda «Syýahatçy» myhmanhanasynyň binasynda ýerleşýär.
Sosial ulgamlarda sahypasy hem bar.