Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britanlar kagyz puluň bezegini çalyşmak isleýärler

15:0403.07.2025
0
15075
Britanlar kagyz puluň bezegini çalyşmak isleýärler
Surat: Office Life

Britaniýanyň hökümeti milli banknotlardaky taryhy şahsyýetleriň şekillerinden ýüz öwürmek isleýär. Ýagny puldaky Uinston Çerçiliň, Jeýn Ostiniň we Uilýam Şekspiriň keşplerini başga milli nyşanlara çalşarlar diýip, «The Times» gazetine salgylanyp, «rg.ru» habar berdi.

Taryhy şahsyýetleriň portretleri funt sterlinglerde 1970-nji ýyldan bäri ulanylýar. Indi Angliýanyň Banky pullaryň bezegini dürlüçe üýtgetmek isleýär. Munuň üçin Bank ilatyň arasynda banknotlaryň täze goýberilişinde nähili şekilleri göresleriniň gelýändigi barada pikirsoraşma geçirmekçi. Mümkin bolan temalar – binagärlik, sungat we sport, tehnologik innowasiýalar hem-de tebigat.

Angliýanyň Bankynda banknotlaryň töleg serişdesinden has uly gymmatlykdygyny nygtaýarlar. Ol milli özboluşlylygynyň simwoliki nyşanydyr diýip, maliýe edarasynda ynanýarlar.

«Times» gazeti pullarda Stounhenjiň, iňlis dublarynyň, futbol oýnunyň şekilleriniň peýda bolmagyny has mümkin hasaplaýar. Şeýle-de milli aşhana-da orun berler: ýagny «fiş end çips» – ýeralmaly balyk şekilli pul bilen bu milli tagam üçin hasaplaşyp bolar diýip, gazetiň wekilleri ynanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň