Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gökderede çagalar üçin sport bäsleşikleri we döredijilik çäreleri geçirildi

15:0203.07.2025
0
19062

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Demirýolçy» dynç alyş merkezinde çagalar üçin köpugurly sport we medeni çäreleri gurady.

2-nji iýulda geçirilen bu çärede dürli ugurlardan ybarat bolan sport bäsleşikleri hem-de döredijilik çykyşlary guraldy. Çagalar toparlara bölünip, dürli ýaryşlara gatnaşdylar.

Sport maksatnamasynyň çäklerinde dürli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýeňiş gazanan toparlara guramaçylar tarapyndan ajaýyp sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň medeni bölegi ýerli sungat ussatlarynyň we artistleriň çykyşlaryny öz içine aldy. Tomaşaçylara hödürlenen aýdym-sazly we teatrlaşdyrylan çykyşlar ýaş tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Medeni-sport çäreleri Gökdere etrabyndaky tomusky sagaldyş maksatnamasynyň bir düzüm bölegi hökmünde guraldy. Gökdere sebiti dynç almak we saglygy dikeltmek üçin oňaýly howa şertleri bilen tanalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň