Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Liwerpul» klubynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Žota ýol-ulag hadysasynda heläk boldy

14:3003.07.2025
0
21231

Ispaniýanyň Samora welaýatynda bolup geçen ýol-ulag hadysasynda Portugaliýanyň we Angliýanyň «Liwerpul» klubynyň futbolçysy Diogu Žota aradan çykdy — diýip, Marca neşiri habar berýär.

Žota 28 ýaşyndady, ol 2020-nji ýyldan bäri «Liwerpul» klubynda çykyş edip gelýärdi. Ol bu klub bilen bilelikde Angliýanyň çempiony, Angliýanyň Kubogynyň we Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň eýesi boldy. Jemi 182 duşuşyga gatnaşyp, 65 gol geçirdi we 26 goluň geçirilmegine ýardam berdi. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek Milletler ligasynda ýeňiş gazandy. Ozal bolsa ol Ispaniýanyň «Atletiko», Portugaliýanyň «Portu» we Angliýanyň «Wulwerhempton» klublarynda oýnapdy.

«Portugaliýanyň Futbol federasiýasy we tutuş Portugaliýanyň futbol jemgyýeti bu gün irden Diogu Žotanyň hem-de onuň dogany Andreniň Ispaniýada aradan çykandygy baradaky habary uly hasrat duýgusy bilen kabul etdi. Diogu Žota diňe bir milli ýygyndyda 50-e golaý duşuşykda çykyş eden ajaýyp oýunçy bolman, eýsem topardaky ähli ýoldaşlary we garşydaşlary tarapyndan hormatlanýan, ýakymly häsiýetli, jemgyýetde uly abraýa eýe bolan şahsyýetdi» — diýip, Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň ýaýradan beýanatynda şeýle diýilýär.

Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, Žotanyň awtoulagynyň hereket eden mahaly tekeriniň biri ýarylyp, ulag ýoldan çykypdyr. Soňra ulag ot alyp, ýanyp başlapdyr. Halas edijiler hadysanyň bolan ýerine wagtynda ýetip bilmändirler. Ulagda Žotanyň 26 ýaşly dogany, Portugaliýanyň «Penafiel» klubynyň futbolçysy Andre Silwa hem bar ekeni. Ol hem heläk bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň