Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Içeri işler ministrligi ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýar

11:3703.07.2025
0
47360

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine SMS habarnamasyny iberip, tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi ýatlatdy.

SMS habarnamasynda şeýle diýilýär:

«Hormatly watandaşlar! Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde, elektrik-gaz enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmelidigiňizi, öýleriňizden we iş ýerleriňizden gitmezden öň, olary öçürmelidigiňizi ýatladýarys!»

Ozal Türkmenistanda 4-5-nji iýul aralygynda şemally howanyň bolmagyna garaşylýandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň