Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belarusda aýy awlamaga rugsat berildi

16:2002.07.2025
0
16948
Belarusda aýy awlamaga rugsat berildi
Surat: Tochka.by

Garaşsyz Belarus Respublikasynyň taryhynda ilkinji gezek aýy awlamaga rugsat berildi diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrligine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.

«Aýy awlamak möwsüminiň açylmagy olaryň sanynyň artmagy hem-de aýylaryň we ilatyň arasynda gapma-garşylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak bilen baglydyr. Awçylar ýyrtyjylary 1-nji iýuldan 31-nji dekabra çenli awlap bilerler. Islendik jynsdaky we ýaşdaky aýylary ýarag bilen awlamaga rusgat berilýär» diýip, ministrligiň metbugat gullugynda aýtdylar.

Aýy awlamak üçin ýaraglaryň görnüşleriniň sanawy we aw itleriniň peýdalanmagyna rugsat berilýändigi habarda getirilýär. Aýy awlamaga üç ýyldan az bolmadyk döwürde aw bilen meşgullanýan awçylar goýberilýär.

Ýurduň aýylaryň has köp duşýan tokaý hojalyklarynyň sanawy hem habarda getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň