Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Žaparow şu gün Russiýada iş sapary bilen bolar

09:5602.07.2025
0
17451
Žaparow şu gün Russiýada iş sapary bilen bolar
Surat: Knews.kg

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 2-nji iýulda Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen barar. Bu barada Prezidentiň edarasynyň çap eden habaryna salgylanýan TASS ýazýar.

Habarda Sadyr Žaparowyň Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň boljakdygy aýdylýar. Gepleşiklerde gyrgyz-rus hyzmatdaşlygynyň, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we maýa goýum ugurlarynda möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň