Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magrupynyň döredijiligine bagyşlanyp edebiýat agşamy geçirildi

18:2530.06.2025
0
23896

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasynda XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Gurbanaly Magrupynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp edebiýat agşamy geçirildi. Oňa Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Uniwersitetiň resmi saýtynda berilýän habara görä, edebiýat agşamynyň dowamynda şahyryň goşgularyndan çeper okaýyşlar boldy, talyplar olary gysgaça sahnalaşdyryp, şahyryň döredijiligine bolan söýgülerini beýan etdiler.
Magrupy ençeme liriki şygyrlaryň we dessanlaryň awtorydyr. Olardan: «Ýusup-Ahmet», «Seýpelmelek-Medhaljemal», «Döwletýar beg», «Aly beg we Baly beg» atly dessanlary görkezmek bolar.
Magrupynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan talyplar üçin uniwersitetiň Ylmy kitaphanasynda geçirilen bu edebiýat agşamy diýseň täsirli boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň