Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalandy

12:2330.06.2025
0
11202
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalandy
Surat: Türkmen Poçta

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

ABŞ-nyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, awtoulag benzinini, nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 19 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 29 million 833 müň manada deň bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny we nah matany satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň