Medeniýet hepdeliginiň çäginde Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de şahyr Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halypa şahyrlara hormat» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.
Görnükli söz ussatlaryny sarpalamak maksady bilen guralan çäre edebiýat söýüjileri bir ýere jemledi. Çäräniň çäklerinde Gara Seýitliýewiň we Mämmet Seýidowyň goşgulary labyzly okaldy, olaryň eserlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa aýratyn hormat-sarpanyň, ruhubelentligiň nyşanyna öwrüldi.
Duşuşyga gatnaşyjylar şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly barada söhbet edip, olaryň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde, medeni gymmatlyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.
Nygtalyşy ýaly, çuňňur pikirleri bilen tapawutlanýan, şahyryň ýokary söz ussatlygyndan dörän şol eserlerde watançylyk temasy mynasyp wasp edilýär. Olaryň köpüsine sazlaryň düzülmegi bilen, halk arasynda söýlüp diňlenilýän aýdymlar döräpdir diýlip, habarda bellenilýär.