24-nji iýunda Türkmenistanyň DARYA milli utgaşdyryjy komitetiniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Çäräni Ýewropa Okuw Gaznasy (ETF) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we milli hem-de halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurady. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyk DARYA taslamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli üstünlikler we geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. DARYA – Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin maksatnamasy bolup, Merkezi Aziýada ýaşlaryň iş bazaryna gönükdirilen, durnukly ukyplarynyň ösdürilmegine goldaw berýär.
Çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri, ETF-niň bilermenleri we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda ETF-niň wekilleri ähli gatnaşyjylara işjeň gatnaşandyklary we netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň DARYA taslamasynyň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.