Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburgly zenan dünýäniň iň gözel zenanlarynyň onlugyna girdi

14:0524.06.2025
0
17088
Sankt-Peterburgly zenan dünýäniň iň gözel zenanlarynyň onlugyna girdi
Surat: Piter.tv

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň ýaşaýjysy Natalýa Andreýçuk dünýäniň iň gözel on zenanynyň biri hökmünde yglan edildi. Ol Kaliforniýada geçen 45 ýaşly zenanlaryň arasynda halkara «Mrs. Globe Classique» gözellik bäsleşigine gatnaşdy diýip, «MIR 24» habar berdi.

47 ýaşly köp çagaly zenan dünýäde maşgalaly zenanlaryň iň abraýly bäsleşikleriň birinde üstünlik gazandy. Ol mundan öň öz ýurdunda geçen birnäçe gözellik bäsleşiklerde-de ýeňiji boldy.

«Mrs. Globe Classique» gözellik bäsleşiginde Günorta Afrikadan gatnaşan zenan ýeňiji boldy diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň