2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistan Özbegistana umumy bahasy 235 million amerikan dollaryna golaý bolan harytlary eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň goňşy ýurda amala aşyran eksportynyň umumy bahasy 233,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importunda ilkinji onlukdan ýer aldy.
Şu ýylyň 5 aýynda Özbegistan türkmen bazaryna 50 million amerikan dollarlyk harytlary we hyzmatlary eksport etdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 million amerikan dollary möçberinde köpdür.
Umuman alnanda, ýanwar — maý aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 283,3 million amerikan dollaryna barabar bolup, Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 14-nji basgançakdan orun aldy.