Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary daşky gurşawy goramak boýunça onlaýn kursy tamamladylar

11:2023.06.2025
0
22443

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 40 sagatlyk «Daşky gurşaw dostlugy okuw moduly» atly onlaýn kursy tamamladylar.

Onlaýn okuw kursy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde we Türkiýe Respublikasynyň Çanakkale Onsekiz Mart uniwersitetiniň we Türk Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (TIKA) goldawy bilen guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Onlaýn okuw kursy tamamlanandan soň, talyplar hünär başarnyklaryny ösdürmekde we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim bolan degişli şahadatnamalary aldylar.

Bu başlangyç bilim we tejribe alyşmaga kömek etmek bilen bir hatarda, talyplaryň bilelikdäki ylmy-gözleg taslamalaryna gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri hem açýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň