Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna şu ýylyň 16-njy iýunynda «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentliginden halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de onuň maliýe serişdeleri boýunça ýurduň iri banklarynyň biridigine üns çekilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň halkara maliýe derejesini berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
«Ýakynda «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenilmegi bolsa ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny görkezýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we wise-premýere döwletiň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.