Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda harasatdan 16 adam ejir çekdi

10:1721.06.2025
0
19976
Gazagystanda harasatdan 16 adam ejir çekdi
Surat: Pavlodarnews.kz

Gazagystanyň Pawlodar ülkesine harasat düşdi, netijede, 16 adam, şol sanda üç çaga ejir çekdi diýip, «Belta.by» portaly habar berdi.

Ülkäniň akimatynyň metbugat gullugynda sebitde şemalyň tizliginiň 43m/s deň bolandygyny hahar berdiler. Tebigy hadysa elektrik toguny öçürip, infrastruktura zeper ýetirdi. Ilatyň arasynda şikes alanlar bar. Aksu şäherinde güýçli şemalda agaç awtoulagyň üstüne ýykylyp, ondaky bir zenanyň gurban bolmagyna getirdi.

300 adamdan we ýörite tehnikalaryň 103-sinden ybarat bolan halas ediş gulluklary zeper ýeten binalary dikeltmek işine girişdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň