Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Üzümçilikde ulanmak üçin kükürtli paýa betonlar işlenilip taýýarlanyldy

10:5220.06.2025
0
11073
Üzümçilikde ulanmak üçin kükürtli paýa betonlar işlenilip taýýarlanyldy
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň hem-de metrologiýa ölçeg serişdelerini barlaýan ylmy barlaghanasy üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlary işläp taýýarlady. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary mehaniki berklige, himiki durnuklylyga eýe bolan täze serişde tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda döredildi.

Agaç ýa-da metal ýaly ozalky serişdeler çüýremäge we poslamaga sezewar bolup, olaryň uzak möhletleýinligini hem-de netijeliligini peseldýär. Ösümlikleri çyrmaşdyrylýan paýa betonlar üzümçilikde möhüm orun eýeläp, olaryň ösmegi hem-de miwe getirmegi üçin olara goldaw bolup, oňaýly mikroklimat döredýär.

Kükürtli paýa betonlar çyglylyga hem-de himiki täsirlere durnuklydyr, bu bolsa olary dürli howa şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ol ýokary mehaniki berklige eýedir.

TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň hünärmenleriniň hödürleýän innowasion çözgütleri obasenagat işewürligi üçin täze mümkinçilikleri açyp, onuň durnukly ösmegine hem-de önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň