Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýanyň Premýer-ministri Hökümetiň täze düzümini kesgitledi

17:3519.06.2025
0
28320
Mongoliýanyň Premýer-ministri Hökümetiň täze düzümini kesgitledi
Surat: Asia Russia

Mongoliýanyň golaýda tassyklanan Premýer-ministri Gombožawyn Zandanşatar Hökümetiň tas ýarysyny çalyşdy we Beýik döwlet Huralyna (parlament) hem-de ýurduň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhuwa hödürlenenden soňra ministrleri wezipä belledi.

Habarda täze Ministrler Kabinetinde öňki Premýer-ministriň orunbasarlary Saýnbuýangiýn Amarsaýhanyň we Togmydin Doržhandyň, daşary işler ministri Batmunhiýn Batsesegiň, maliýe ministri Boldyn Žawhlanyň, bilim ministri Purewsurengiýn Naranbýaaryň, ulag ministri Borhuugiýn Delgersaýhanyň, azyk, oba hojalyk we ýeňil senagat ministri Žadambyn Enhbaýaryň we energetika ministir Battogtohiýn Çoýžilsureniň öz wezipesinde galandygy aýdylýar.

Premýer-ministriň birinji orunbasary Nýam-Osoryn Uçral boldy, ol Hökümetiň iň ýaş agzasy bolmak bilen, öňki Ministrler Kabinetiniň edarasyny dolandyrýardy. Ministrler Kabinetiniň iň ýaş agzalarynyň ýene biri Mongoliýanyň öňki Prezidenti Nambaryn Enhbaýaryň ogly Enhbaýaryn Batşugar boldy. Ol elektron ösüş, innowasiýalar hem-de aragatnaşyk ministri wezipesine bellendi.

Ýurduň goranmak ministri wezipesine Erdenet şäheriniň öňki häkimi Dambyn Batluta bellendi.

Bu barada TASS habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň